Britaniýaly Radukanu US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 14.09.2021 08:40
  • 2.8k+

Britaniýaly Emma Radukanu ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň finalynda Kanadanyň wekili Leýla Anni Fernandesi utdy.

Duşuşyk Zenanlar tennis assosiasiýasynyň (WTA) reýtinginde 150-nji orny eýeleýän 18 ýaşly Radukanunyň peýdasyna 6:4, 6:3 hasabynda tamamlandy. 6-njy sentýabrda 19 ýaşyna ýeten Fernandes dünýä reýtinginde 73-nji setirde ýerleşýär. 

Radukanunyň hasabynda WTA-nyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda ýeňşi ýok. Ol ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň üçin ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy 2021-nji ýylda “Wimbledon” boldy, ol şonda dördünji tapgyra çykdy.

Radukanu 1977-nji ýyldan bäri “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji bolan Beýik Britaniýanyň ilkinji wekili boldy, şonda “Wimbledonda” Wirjiniýa Ueýd ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de, ol 2004-nji ýyldan, ýagny 17 ýaşly russiýaly Mariýa Şarapowa “Wimbledonda” ýeňiji bolanyndan bäri, “Uly tuwulga” ýaryşynyň iň ýaş ýeňijisi boldy. 

Fernandes “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalyna ilkinji gezek çykdy, US Open-de çykyş etmezden öň, onuň iň gowy netijesi Fransiýanyň Açyk çempionatynyň (2020) üçünji tapgyryna çykmagy boldy. Tennisçiniň hasabynda WTA-nyň howandarlygynda bir tituly bar.


11.12.2025 09:33
2.3k+

Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy

Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy...

25.11.2025 17:28
4.6k+

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki...

21.11.2025 12:38
2k+

Tanymal tennisçi Rojer Federer Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler

Şweýsariýaly Rojer Federer 2026-njy ýylda Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler. Dabara 27-29-njy awgustda Nýuport amerikan şäherinde geçiriler diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berdi. “Meniň üçin Halkara tennis şöhrat zalyna girmek we sportuň bu görnüşiniň köp sanly beýik çempionlarynyň ýanynda durmak uly hormat...

16.11.2025 23:06
3.7k+

Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis...