Immuniteti sarymsak we limon bilen güýçlendirip bolarmy?

  • 30.08.2021 17:52
  • 22k+

Allergiýa lukmany Nadežda Loginina sarymsagyň we limonyň kömegi bilen koronawirusyň ýokuşmak howpuny azaltmak we immunitet ulgamyny güýçlendirmek mümkinçiligi hakynda aýtdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu önümler, peýdaly taraplarynyň kändigine garamazdan, immuniteti ýokarlandyryp bilmez. Munuň üstesine-de, olar COVID-19 bilen kesellemek howpuny azaltmaýarlar.  Şeýle hem, lukman sarymsagyň we limonyň gereginden artykmaç ulanylmagynyň saglyga ýaramaz täsir edýändigini ýatlatdy.

Sarymsak we limon ýokumly maddalara we witaminlere baýlygy sebäpli peýdalydyr. Hususan-da, olaryň düzüminde nemli bardanyň gorag işini güýçlendirýän fitonisidler bardyr.

“Olaryň anyk immun gurluşlaryna göni täsirleri barada aýdylanda bolsa, bu boýunça barlag geçirilmedi. Bu, esasan, takyk bakteriýa garşy täsirdir we ol immuniteti ýokarlandyrmaýar" diýip, hünärmen belleýär.


düýn 12:32
4.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......