Ene süýdüniň howply bakteriýalary ýok edip bilýändigi subut edildi

  • 30.08.2021 17:32
  • 5.5k+

Alymlar ene süýdüniň düzüminde streptokok bakteriýalarynyň we beýleki mikroblaryň howply ştamlaryny ýok etmäge ukyply bolan şeker molekulalarynyň bardygyny anykladylar. Bu bolsa täze doglan bäbekleri dürli ýokançlyklardan goramaga kömek edýär diýip, pcnews.ru habar berýär.

Gyzykly tarapy, bu şeker molekulalary adam döräli bäri bar hem bolsa, bakteriýalar şunça wagtyň dowamynda olaryň täsirine garşy durnuklaşyp ýetişmändir. Şu sebäpden hem alymlar bu tapyndy bilen içgin gyzyklanýar hem-de onuň antibiotikleriň ornuny tutjak täze dermanlary döretmäge kömek edip biljekdigine pugta ynanýarlar.

Alymlar bu şeker molekulalarynyň öýjük kulturalarynda (kultura - laboratoriýada alnan mikroorganizmleriň jemi - Red.) we birnäçe göwreli syçanlaryň bedeninde bakterial ýokançlyklary ýok edip bilijiligini barlap gördüler. Netijede, synaglar oňyn netije berdi. Indi bolsa barlagçylar şeker molekulalarynyň zyýanly bakteriýalaryň beden dokumalaryna birikmeginiň öňüni alýandygyny we peýdaly mikrofloranyň ösmegini çaltlaşdyrýandygyny öňe sürýärler.

düýn 17:30
2.8k+

Nyrhlar kanagatlanarly dälmi? 📈ALSAT-da gowy çözgüt bar

Söwdada bazar nyrhyny kesgitlemegiň gysgaça taryhy we näme üçin akylly satyn alyş toparlary diňe görkezilen bahalara seredip, sypaýylyk bilen gynanyp ýörýänligi hakda...

27.04.2026 10:50
12k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
74k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
5.1k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....