Eminem 50 Sentiň teleserialynda çykyş eder

Eminem 50 Sentiň teleserialynda çykyş eder

Eminem repçi 50 Sent Jeksonyň «Starz» teleýaýlymynda prodýuserlik edýän Black Mafia Family teleserialynda peýda bolar. Bu barada çarşenbe güni The Wrap-a salgylanyp, kanobu.ru habar berdi.

Eminem teleserialda neşe söwdagäri we ABŞ-nyň taryhynda Federal Derňew Býurosynyň (FBI) iň ýaş maglumat berijisi Rik Werşiniň (Ak ýigit Rik) keşbini janlandyrar. Şol wagt 17 ýaşynda bolan bu gahryman hip-hop medeniýetiniň simwolyna öwrülipdi. 1988-nji ýylda Werşi ömürlik tussaglyga höküm edildi, ýöne 2020-nji ýylda möhletinden öň tussaglykdan boşadyldy. Onuň hökümi baradaky jedeller henizem dowam edýär. Teleserialyň özi 80-nji ýyllarda Detroýtda iň täsirli jenaýat maşgalasyny guran doganlar Demetrius Flenori we Teriýa Flenori hakda gürrüň berýär.

“Dostum Eme täze BMF görkezişimi goldaýandygy üçin minnetdardyryn. Biz Eminem ýaly rowaýaty ynsan bolmadyk bolsa bu görkezişi gurap bilmezdik" diýip, 50 Sent belleýär.

Atlantada we Detroýtda surata düşürilýän bu serialyň premýerasynyň 26-njy sentýabrda “Starz” teleýaýlymynda bolmagyna garaşylýar.