Tokioda Paralimpiada obasy açyldy

Tokioda Paralimpiada obasy açyldy

Sişenbe güni Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Tokioda Paralimpiýada obasy işe başlady. Bu barada ýaryşlaryň guramaçylyk komiteti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Olimpiada obasynda bolşy ýaly, guramaçylar pandemiýa sebäpli hereket edýän çäklendirmeler bilen baglylykda açylyş dabarasyny geçirmekden ýüz öwürdiler.

Tokio aýlagynyň kenarynda ýerleşýän oba bir hepdeden hem az wagtyň içinde Olimpiadadan Paralimpiada obasyna üýtgedildi. Onuň çäginde paralimpiýaçylar tarapyndan ulanylýan protezler, maýyplar oturgyçlaryny we beýleki esbaplary abatlaýyş kömegini bermek üçin hyzmat merkezi döredildi.

Olimpiada obasynda hereket eden koronawirusyň ýaýramagyndan goramak bilen bagly ähli düzgünler we çäklendirmeler Paralimpiada obasy üçin hem saklandy. Hususan-da, türgenler ýaryşlar başlamazdan bäş gün öň oba gelerler we ýaryşlar tamamlanandan soň iki günüň dowamynda obadan gitmeli bolarlar. Täze koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin obanyň çäginde kesel alamatly türgenleri barlamak üçin niýetlenen gije-gündiz işleýän aýratyn lukmançylyk bölümi bar. Mundan başga-da, türgenler her gün kesel üçin barlag tabşyrmaly hem-de gorag örtüklerini dakynyp, sosial araçägi saklamaly bolarlar.

Şol bir sebäplere görä, žurnalistlere henizem obanyň çägine girmäge rugsat berilmeýär. Tokiodaky Paralimpiýa oýunlary 24-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda geçiriler.