Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda akademiki küreklemek boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda akademiki küreklemek boýunça ýaryşlaryň netijeleri

Rumyniýanyň wekilleri Nikoleta-Ankusa Bodnar bilen Simona Radiş täze Olimpiýa rekordyny goýup, akademiki küreklemek boýunça iki jübüt kürekli gaýyklaryň ýaryşynda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar.

Ýeňijiler 2 km aralygy 6 minut 41,03 sekuntda geçdiler. Ikinji orny Täze Zelandiýadan Bruk Donohýu bilen Hanna Osborn (+3,79), üçünji orny Niderlandlaryň wekilleri Ros De Ýong bilen Liza Shenard (+4,70) eýeledi. 
Erkekleriň arasynda şeýle dissiplinada fransiýaly Ugo Buşeron bilen Matýo Androdias Olimpiýa rekordy bilen ýeňiş gazandy. Olar 6 minut 00,33 sekunt netijäni görkezdiler. Ikinji orny Niderlandlaryň wekilleri Melwin Twellar bilen Stef Brunink (+0,20), üçünji orny hytaýly türgenler Lýu Çžiýuý bilen Çžan Lýan (+3,30) eýeledi.