Şweýsariýaly zenan türgenler Olimpiýa oýunlarynyň mauntinbaýk ýaryşynda ähli baýraklary eýelediler

Şweýsariýaly zenan türgenler Olimpiýa oýunlarynyň mauntinbaýk ýaryşynda ähli baýraklary eýelediler

Şweýsariýaly Ýolanda Neff Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda mauntinbaýk ýaryşynda belentli-pesli ýerden sürmekde ýeňiji boldy. Türgen 20,55 km aralygy 1 sagat 15 minut 46 sekuntda geçdi. Ikinji we üçünji orunlara onuň watandaşlary Sina Freý (yza galyş 1 minut 11 sekunt) we Linda Indergand (+1,19) mynasyp boldy. 

Şweýsariýaly türgenler Olimpiýa oýunlarynda ähli baýraklary 1936-njy ýyldan bäri ilkinji gezek eýeleýärler. Şonda şweýsariýaly türgenler sport gimnastikasy boýunça erkin maşklary etmekde iň gowy netijeleri görkezýärdiler.