Kosowadan Gýakowa 57 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Kosowadan Gýakowa 57 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Kosowanyň wekili Nora Gýakowa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 57 kg çenli agram kategoriýasynda dzýudo boýunça ýaryşyň final tutluşygynda fransiýaly Sara-Leoni Sizigi ýeňdi. 

Bürünç medallary ýaponiýaly Sukasa Ýosida we kanadaly Jessika Klimkeýt aldy. Gýakowa 28 ýaşynda, ol dünýä çempionatynyň bürünç baýrakçysy we Ýewropa çempionydyr.
Kosowanyň milli ýygyndysy iki altyn medal bilen umumy sanawda ýedinji orny eýeleýär, ikinji baýrak hem dzýudo boýunça ýaryşda gazanyldy.