Ýewropada Ilon Maskyň hemra internetiniň tizligi 176 Mb/sek ýetdi

  • 20.07.2021 20:40
  • 7.8k+

Ýewropada Starlink internetiniň ortaça tizligi sekuntda 176 megabite çenli ýokarlandy. Bu barada “Wccftech” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Ilon Maskyň hemra internetiniň dürli sebitlerdäki tizligini deňeşdirmek üçin žurnalistler Starlink Statuspage programma üpjünçiligini ulandylar. Olar Ýewropada Starlink-iň ortaça tizliginiň ABŞ-daky bilen deňeşdirilende ýokarydygyny anykladylar. Ýagny, ABŞ-da ol sekuntda 140 megabite deň bolsa, Ýewropada sekuntda 176 megabite ýetýär. Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde internetiň bökdemegi hem pes – 33 millisekunt 50 millisekunta garşy. Bütin dünýäde ýükläp almagyň ortaça tizligi sekuntda 157 megabite, ortaça bökdeme bolsa 43 millisekunta barabar.
Şol bir wagtyň özünde Beýik Britaniýadan Maskyň internetini ulanyjylar ýüklenme tizliginiň örän pesdigini habar berýärler. Bu ulgam infrastrukturasynyň heniz doly derejede ýaýradylmandygy bilen bagly bolup biler.
Starlink arkaly iň ýokary ýüklenme tizligi Awstraliýada bellige alyndy – sekuntda 300 megabite çenli. Hünärmenler muny şu tomus sebitde ýerleşdirilen 13 sany ýerüsti stansiýalaryň gurulmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de, Awstraliýadaky rekord görkezijiler Ýewropa hem-de ABŞ garanda, ulanyjylaryň sanynyň azdygy bilen bagly bolup biler.
Ýatlap geçsek, iýun aýynyň ahyrynda SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask kompaniýanyň geljek 12 aýda Starlink internetine ýarym million ulanyjyny birikdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.


08.02.2026 10:23
1.9k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...

03.02.2026 12:23
2.3k+

Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi...

21.01.2026 18:58
3.4k+

Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär...

02.01.2026 12:30
5.3k+

Tesla ýöreýşi "adamyňka" has meňzeýän täze Optimus robotyny tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär...