Hyundai iň güýçli Elantra-ny çykardy

  • 18.07.2021 10:25
  • 21k+

Hyundai Günorta Koreýa markasynyň “N” bölümi tarapyndan işlenip düzülen täze nesil «Elantra» sedanynyň sport görnüşini tanyşdyrdy. Bu modifikasiýa onuň 30 ýyllyk taryhynda awtoulagyň iň güýçli we iň çalt görnüşine öwrüldi diýip, autonews.ru habar berdi.

Täze awtoulagyň dünýädäki satuwynyň başlanjak wagty barada heniz habar berilmedi. Awtoulagyň şu ýylyň ahyryna çenli satyjylarda peýda bolmagyna garaşylýar.
Sport sedany 280 at güýji bolan 2.0 litrlik benzin turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, ýörite "N Grin Shift" režiminde hereketlendirijileriň gaýtarmasy (otdaçasy) 290 at güýjüne çenli ösýär. Ikinji ýagdaýda Elantra N 100 kilometr/sagat tizligine 5,3 sekuntda çykýar.

Daşky tarapdan, "Hyundai Elantra N" adaty modelden birnäçe tarapdan tapawutlanýar.  Bu tapawut onuň enjamlaşdyrylyşyna hem öz täsirini ýetirer

şu gün 17:02
184

Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy

Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla modeliniň täzelenendigi barada habar berdi. Esasy täzelik bu model üçin ilkinji gezek ulanylan ýalpyldysyz Onyx Grey lak-boýag örtügi boldy. Bu reňk GR SPORT hetçbegi we Touring Sports uniwersaly üçin elýeterli bolar...

şu gün 11:42
1.3k+

BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar

Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr...

düýn 13:40
2.5k+

Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar

Honda kosmosy özleşdirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy. Iýunda kompaniýa Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasyndaky poligonda uzynlygy alty metr bolan köp gezeklik raketanyň prototipiniň uçuşyny we gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy...

03.12.2025 14:55
22k+

Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar

Aşgabatda «Toyota» awtoulaglaryny satyş we satuwdan soň hyzmat etmek boýunça döwrebap Merkeziň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge niýetlenen bu toplumy 2027-nji ýylyň dekabr aýynda açmak meýilleşdirilýär...