Astronomlar: Taryhda iň uly kometa Ýere ýakynlaşýar

  • 08.07.2021 12:53
  • 21k+

2031-nji ýylda Ýeriň ilatynyň taryhda iň uly kometany görüp biljekdigi anyklanyldy. Onuň diametri, takmynan, 200 kilometre barabar diýip, ferra.ru habar berdi.

Kometa Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň astronomlary tarapyndan ýüze çykaryldy. Bu babatda olara Çilide uly teleskopyň kömegi bilen toplanan maglumatlaryň seljermesi kömek etdi diýip, çeşme belleýär. Kometa, ony açan alymlaryň adyna laýyklykda, Bernardinelli-Bernşteýn diýlip atlandyryldy.
Kometanyň ýagtylygy nädip serpikdirýändigine esaslanyp, onuň ululygy 100-200 kilometr diýlip çaklanyldy. Diýmek, bu jisim adaty kometalardan müň esse uludyr. Bernardinelli-Bernşteýn häzir Neptunyň orbitasynda ýerleşýär. Kometa on ýylyň dowamynda Gün ulgamynyň içerki bölegine geçer. 2031-nji ýylda Ýerdäki adamlar ony hatda kiçijik teleskoplar bilen hem görüp bilerler.

düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......