Pekin - Türkmenabat ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

  • 26.06.2021 00:43
  • 21k+

26-njy iýunda "Türkmenhowaýollary" awiakompaniýasy Pekin - Türkmenabat ýörite gatnawy arkaly pandemiýa zerarly Hytaýda galan türkmen raýatlaryny alyp gelmegi meýilleşdirýär.

T5608 uçar gatnawy Pekin wagty bilen sagat 04:50-de “Pekin Şoudu” halkara howa menzilinden uçup, sagat 08:50-de Türkmenabadyň halkara howa menziline gonar.

“Boeing 777-200LR” kysymly uçar bilen amala aşyryljak bu gatnaw Türkmenistanyň Hökümetiniň tabşyrygy esasynda alnyp barylýar.

Ýurdumyza getiriljek ähli ýolagçylar 21 günlük karantin çärelerini berjaý ederler. 

şu gün 10:23
1.1k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...

şu gün 09:38
612

Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler

26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi...

düýn 17:31
7.9k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

düýn 16:57
1k+

"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär...