Wenesiýa ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner

  • 25.06.2021 20:15
  • 8.6k+

Wenesiýa we Budapeşt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner. Bu barada guramanyň maslahat beriji edaralarynyň tekliplerine salgylanyp, Agence France-Presse habar berdi diýip, TASS belleýär.

Agentligiň bellemegine görä, syýahatçylygyň täsiri ÝUNESKO-nyň Wenesiýany howp astynda bolan miras sanawyna girizmek haýyşy bilen ýüz tutmagyna sebäp bolan ölçegleriň biri boldy. Aýratyn-da, gurama uly kruiz gämileriniň aýlaga girmegini gyssagly gadagan etmäge çagyrýar. Italiýanyň häkimiýetleri uly kruiz gämilerine girmegiň gadagan edilendigini birnäçe gezek aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, başga bir ýol tapylýança, gämiler iýun aýynyň başynda bolşy ýaly, aýlaga girip bilerler.
Bu mesele eýýäm birnäçe ýyl bäri çözülmän gelýär. Wenesiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 1987-nji ýylda girizildi.
Şeýle-de, BMG-niň guramasy Budapeştiň gadymy Buda galasynyň ýerleşýän ýerindäki uly göwrümli abatlaýyş işleri bilen bagly biynjalyk bolýar.
Bu karar 16-31-nji iýulda Hytaýyň Fuçžou şäher okrugynda onlaýn görnüşde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 44-nji sessiýasynyň dowamynda kabul ediler. ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule 16-njy iýulda sessiýanyň açylyşyna gatnaşar. Sessiýanyň dowamynda komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna eýýäm girizilen 255 obýekti saklamagyň ýagdaýyny öwrener. Olardan 53 obýekt Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawynda görkezilýär. 24-nji iýuldan komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin täze dalaşgärleri gözden geçirip başlar.

düýn 17:43
2.2k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär...

düýn 13:39
2.3k+

Endrýu Garfild OpenAI kompaniýasyndaky dawa baradaky filmde Sem Altmanyň keşbini oýnar

“Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild täze “Emeli” (Artificial) dramedisinde Sem Altmanyň keşbini ýerine ýetirer. Filme Luka Guadanino režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär. OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň keşbini Ýura Borisow oýnar...

düýn 13:34
3.2k+

Bawariýanyň galalary, Karnak megalitleri we Minos köşkleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze desgalary, şol sanda Fransiýadaky Karnak megalitlerini, Germaniýadaky patyşa Lýudwig II-niň galalaryny we Kritdäki Minos köşk toplumlaryny goşdy. Çözgüt ylmy gözlegler we tanyşdyryşlar bilen birlikde berlen arzalar gözden geçirilenden soň kabul edildi...

düýn 13:28
4.7k+

Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir

Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar...