Lukman: günortanlyk naharyny sypdyrmak saglyk üçin zyýanly

  • 22.06.2021 17:46
  • 9.1k+

Berhiz lukmany Tamara Dýuker Freýman "CNN" teleýaýlymy bilen söhbetdeşligiň dowamynda günortanlyk naharyny sypdyrmagyň saglyk üçin zyýanlydygyny aýtdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Freýman günortanlyk naharyny sypdyrmagyň ganda şekeriň derejesiniň peselmegine sebäp bolýandygyny we adamda gahar-gazap döredýändigini belledi. Ol günüň dowamynda iýip-içilmese, agşam has köp iýmek isleginiň oýanjakdygyny, munuň bolsa, öz gezeginde, diňe bir agramyňy artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uky bilen baglanyşykly meseleleri hem döredip biljekdigini aýtdy.
Mundan başga-da, ýokumly we deňagramly günortanlyk iýmitleriň tertipli kabul edilmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, iş gününiň dowamynda artykmaç iýmitleri kabul etmekden gaça durmaga kömek edýär.
Berhiz lukmany Liza Ýangyň bellemegine görä, günortanlyk naharynda gök önümleri, sagdyn belokly we ýokary süýümli uglewodly iýmitleri iýmek has peýdaly bolar.

düýn 08:18
2.2k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
3.9k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....

20.04.2026 16:07
9.5k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......