Türkmenistanda Android smartfonlarda ýertitremäni duýdurýan hyzmat işläp başlar

Türkmenistanda Android smartfonlarda ýertitremäni duýdurýan hyzmat işläp başlar

Google Türkmenistan hem-de Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin Android smartfonlarynda ýertitremäni öňünden duýdurýan täze hyzmaty hödürledi. Täze funksiýa awtomat usulda işläp, ol eýesine ilkinji gowşak tolkunlary duýdurar.

Ýer titreme baradaky ähli maglumatlar Internetden akselerometriň kömegi bilen toplanar.
Google toplanan maglumatlary dessin ýagdaýda seljerer we smartfonlaryň eýelerine güýçli tolkunlary birnäçe sekunt  öňünden duýdurar. Şol wagtyň içinde ulanyjylar zerur bolan çäreleri görüp ýetişerler, mysal üçin —  daşaryk çykyp bilerler, stoluň aşagynda gizlenip bilerler.  Şeýle-de smartfonlarda  ýertitremede özüňi alyp barmagyň düzgünleri görkeziler.
Öň, bu funksiýa diňe Kaliforniýada, Täze Zelandiýada we Gresiýada hereket edýärdi.  Indi bu hyzmat Türkmenistanda , Türkiýede, Filippinlerde, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda hereket eder.