Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 21 sany desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 21 sany desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri seljermegiň hem-de bu işleri bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.