Göreçleriň ululygy akyla täsir edýär

  • 08.06.2021 22:02
  • 17k+

Jorjiýanyň Tehnologik institutynyň bilermenleri göreçleriň ululygy bilen akylyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada «Cognition» žurnalynda çap edilen ylmy makalada maglumat berilýär.

Alymlaryň pikiriçe, göreçler näçe uly bolsa, adamyň akyly hem şonça ýokary bolýar. Munuň şeýledigini subut etmek üçin gözegçilik geçirilip, oňa 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli adamlaryň 500-si gatnaşdy. Synaga gatnaşýanlar ýatkeşlik, pikirlenme we üns boýunça test tabşyrdylar.
Görnüşi ýaly, göreçleriniň  ölçegi bolmalysyndan has uly bolan adamlar göreji kiçilerden ýokary netijeler görkezdi. Alymlar şeýle adamlarda beýniniň akyla we ýatkeşlige jogap berýän böleginiň işjeňliginiň ýokary bolýandygyny aýdýarlar. Şunlukda, göreçleriň ölçeginiň diňe bir gowşaklykdan we howsalalylykdan habar bermän, eýsem, akyldaky indiwidual aýratynlyklara hem şaýatlyk edýändigi anyklanyldy.

düýn 23:54
603

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
659

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
528

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.3k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....