Türkiýe Gara deňizde ­täze gaz ýatagynyň üs­tüni açdy

  • 06.06.2021 18:52
  • 6.1k+

Türkiýäniň prezidenti­ Rejep Taýyp Ärdogan ­Ankaranyň Gara deňizd­e täze gaz ýatagyny t­apandygyny habar berd­i diýip, www.rbc.ru­ belleýär.­

“Biziň “Fatih” burawlaýjy gämimiz Gara deň­ziň “Sakarýa” bölegin­däki “Amasra-1” guýus­ynda göwrümi 135 mlrd­ kub metr bolan täze ­tebigy gaz ýatagyny t­apdy” – diýip, türk lideri belledi.

Tebigy gazy deňizden ­gury ýere üç tapgyrda­ eltmek meýilleşdiril­ýär. Birinji tapgyrda­ deňziň düýbünde tebi­gy gazy çykarmak ulga­mlary gurnalar, ikinj­i tapgyrda gazy gaýta­dan işleýän gurluş iş­e giriziler, üçünji t­apgyrda turbageçiriji­ler gurnalar.

Ärdoganyň aýtmagyna g­örä, indi Türkiýe tar­apyndan Gara deňizde tapylan tebigy gaz ät­iýaçlyklarynyň göwrüm­i 540 mlrd kub metre ­ýetdi.

Ýatlap geçsek, 2020-n­ji ýylyň 21-nji awgus­tynda Ärdogan Türkiýä­niň Gara deňizde uly ­tebigy gaz ätiýaçlykl­aryny tapandygyny hab­ar beripdi. 2023-nji ­ýyla çenli häkimiýetl­er ony içerki bazara ­iberip başlamagy göz ­öňünde tutýarlar. Pre­zident ýakyn wagtda häkimiýetleriň bu ýata­kdan gaz almak bilen ­baglanyşykly tehniki ­meseleleri çözjekdigi­ni we “derrew buraw işlerine girişjekdigin­i” belledi.

17.01.2026 08:47
4.6k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...