Brent nebitiniň bahasy iki ýylyň içinde ilkinji gezek 70 dollardan gymmatlady

  • 04.06.2021 19:02
  • 5.6k+

Brent söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 70 dollara çenli ýokary göterildi. Ol 2019-njy ýylyň 18-nji maýyndan bäri ilkinji gezek şeýle gymmatlady diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Sişenbe güni agşam edilen söwdanyň jemlerine görä, bu nebitiň bahasy 1,34% ýokarlanyp, 70,25 dollara ýetdi. WTI üçin fýuçersleriň bahasy bolsa 2,1% ýokarlanyp, bir barreliň bahasy 67,72 dollara ýetdi.
OPEK+ mejlisinde gurama agza ýurtlaryň ministrleri nebit önümçiligine meýilleşdirilen çäklendirmeleriň parametrlerini güýje girizmek kararyna geldiler. Munuň özi iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny birneme ýokarlandyrar.
Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak OPEK+—yň 2021-nji ýylda nebite bolan isleg günde 6 million barrele çenli ýokarlanar diýip çaklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol sanjym maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, dünýäde nebit we nebit önümleriniň sarp edilişiniň gaty çalt depginde dikelýändigini belledi.

13.03.2026 23:32
4.8k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...