LG iň soňky smartfonuny çykardy

  • 01.06.2021 12:53
  • 10k+

LG kompaniýasy aprel aýynyň başynda smartfon öndürmegi bes edýändigini habar beripdi, ýöne häzire çenli täze modeller konweýerden çykmagyny dowam etdirdi. Emma şu günden, 31-nji maýdan başlap, kompaniýa smartfon we planşet önümçiligini doly derejede bes edýär diýip, RIA Nowosti habar berýär.

LG-niň taryhynda hoşlaşyk smartfonlary erkin satuwa çykmadyk Velvet 2 Pro we LG Rollable boldy. Çykarylan birnäçe müň modeli kompaniýa Günorta Koreýadaky işgärleriniň arasynda satýar.
Wýetnamyň Haýfon şäherindäki LG zawody kompaniýanyň smartfon önümçiligi boýunça esasy merkezi bolupdy. Indi onuň meýdançasy durmuş enjamlaryny çykarmak üçin ulanylýar, “smartfon” konweýerlerinden galan işçiler iýul aýynyň ahyryna çenli täze wezipeleri ýerine ýetirmäge belleniler.
Zawod 2015-nji ýylda işläp başlamak bilen, smartfonlardan başga-da telewizor we durmuş enjamlaryny çykardy. Bu ýerde bölünip aýrylan kompaniýalar LG Innotek bilen LG Display, degişlilikde, kamera modullaryny we displeýlerini öndürýärler.
LG Electronics iň uly durmuş enjamlaryny öndüriji bolmagy göz öňünde tutýar. Şu maliýe ýylynyň birinji çärýeginde ol esasy garşydaşy bolan Whirpool-dan geçdi. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle ýagdaý iň bolmanda ýylyň ahyryna çenli saklanar.

şu gün 20:25
1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......