Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana eksportynyň möçberi 130,5 mln dollara ýetdi

  • 29.05.2021 16:34
  • 10k+

2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistanyň importynyň jemi möçberi 6,8 mlrd dollara barabar boldy. Şolardan Türkmenistanyň paýyna 130,5 mln dollar düşýär. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

 

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($1,8 milliard), Gazagystan ($1,2 milliard), Türkiýe ($956,2 million), Günorta Koreýa ($495,1 million), Gyrgyzystan ($250 million), Owganystan ($234,6 million), Germaniýa ($201,8 million) we Ukraina ($181,1 million) girdi. 
Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygynyň iň uly möçberi Hytaýyň paýyna düşüp, ol 2,1 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Degişlilikde ýurduň eksporty 642 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 1,48 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......