1-nji iýundan YouTube-y ulanmagyň täze şertleri güýje girýär

  • 27.05.2021 23:03
  • 28k+

Tiz wagtdan YouTube-da täze ulanyş şertleri hereket edip başlar. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda täze şertler ABŞ-da güýje girdi. Indi olar beýleki ýurtlarda hem hereket eder.

Üýtgeşmeleriň gysgaça mazmuny:

Ýüzi tanamak funksiýasy bilen bagly çäklendirmeler. Şertlerde öň hem platformamyzda rugsatsyz ulanyjynyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlary ýygnamagyň gadagan edilýändigi bellenilipdi. Bu gadaganlyk ýüzi tanamak funksiýasyny ulanmak bilen alnan suratlara-da hemişe degişlidi. Indi hyzmat bu gadaganlygy aýdyň görkezdi.

YouTube-yň mazmuny monetizasiýa etmek hukugy. YouTube platformada ýerleşdirilen ähli materiallary monetizasiýa etmäge haklydyr. Bu mahabatyň Hyzmatdaş programmasyna girizilmedik kanallarda hem ýerleşdirilip bilinjekdigini aňladýar.

Roýalti we salgytlary saklap galmak. Bu punkt platformada girdeji alýan awtorlara degişli. Awtorlaryň platformada alýan islendik tölegleri roýalti hasap ediler. Kanun boýunça, Google şeýle töleglerden salgytlary saklap galar.

Bu üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girip, ABŞ-nyň çäginden daşary ähli ulanyjylara degişli bolar. Şu seneden soň YouTube-y ulanmagy dowam etdirmek bilen, siz täze şertlere razy bolýarsyňyz. Bu şertler “YouTube Kids” hyzmatyna hem degişlidir. Eger çagaňyz bu hyzmatdan peýdalanýan bolsa, siz bu şertleri onuň adyndan kabul edýärsiňiz.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......