Bernar Arno Forbes-iň milliarderler sanawynda lider boldy

  • 25.05.2021 17:42
  • 14k+

Louis Vuitton Moet Hennessy toparynyň prezidenti Bernar Arno «Forbes» žurnalynyň milliarderler sanawynda birinji orna geçdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Soňky bir günüň dowamynda Arnonyň baýlygy 710 mln artyp, 186,3 mlrd dollara ýetdi. Bu oňa Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosdan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, Bezos 186 mlrd dollar bilen ikinji orna düşdi. Sanawda üçünji orny 147,3 mlrd dollar baýlygy bilen Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask eýeleýär.
2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Arnonyň baýlygy 110 mlrd dollardan gowrak artdy. Muňa koronawirus pandemiýasyna garamazdan, LVMH-iň ýokary görkezijileri görkezmegi ýardam etdi. Şu ýylyň birinji çärýeginde holding 14 mlrd ýewro girdeji gazandy, bu 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 32% ýokarydyr.
LVMH – Louis Vuitton, Givenchy, Guerlain, Kenzo, Moet & Chandon, Hennessy ýaly söwda belgileri bilen bezeg harytlaryny öndüriji. Onuň ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýär.

düýn 09:20
733

Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar...

12.12.2025 18:15
6.3k+

Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler. Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär...

12.12.2025 12:08
7.5k+

Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...