Milli Geňeşiniň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda birnäçe kanunlar maslahatlaşyldy

  • 22.05.2021 18:06
  • 14k+

Şu gün, 22-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi.

Maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda, “Bilim hakynda” rejelenen görnüşdäki we başga-da birnäçe kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Geňeşiň döredilmegi bilen baglanyşykly we syýasy, ykdysady, durmuş ugurly meseleleri kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly Mejlisiň birnäçe kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

şu gün 15:53
246

Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy

Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy...

şu gün 15:46
633

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi...

şu gün 15:43
468

Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»

Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi...

şu gün 13:46
3k+

Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir...