Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň mejlisi geçirildi

  • 20.05.2021 20:47
  • 7.6k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi.

Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy, Aşgabadyň baý taryhy barada gysgaça gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi barada aýratyn nygtady, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar barada aýdyp berdi.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärede Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäheriniň häkiminiň orunbasary S.Sidigi, Baku şäheriniň häkimi E.Aziz ogly Azizow, HHR-iň Lanjou şäheriniň häkimliginiň Halk hökümetiniň Baş sekretary Zh.Çenghu, Daşkent şäheriniň häkimi J.Artykhojaýew, Nur-Sultan şäheriniň häkiminiň orunbasary E.Kizatow, RF-niň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar baradaky agentliginiň başlygynyň w.ý.ý. A. Aýdin, Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara aragatnaşyklar boýunça departamentynyň başlygynyň orunbasary O.Şutenko çykyş etdiler.
Mejlise gatnaşyjylar ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi T.Kelleriň, Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi S.Ýamamotonyň, Ankara şäheriniň häkimi M.Ýawaşyň, Bişkek şäheriniň häkiminiň orunbasary W.Mozgaçýowanyň wideoýüzlenmesini hem diňlediler.
Mundan başga-da çärä Kişinýow, Pekin, Stambul, Wena, Ýerewan şäherleriniň häkimleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň ýeten sepgitleri hakynda wideorolige tomaşa etdiler.

düýn 17:31
6.1k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

düýn 16:57
822

"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär...

düýn 16:48
1.7k+

DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi

Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär...

düýn 16:39
1.2k+

Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler

Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär...