«Beşiktaş» Türkiýäniň çempionatynda deň utukda bir gol aratapawut bilen ýeňdi

  • 18.05.2021 14:47
  • 9k+

«Beşiktaş» futbol kluby möwsümiň soňky tapgyrynda «Geztepeni» 2:1 hasabynda ýeňip, Türkiýäniň çempiony boldy. Çempionlyk derejesine ahyrky pursata çenli birbada üç klub dalaş edýärdi.

39 oýundan soň «Beşiktaş» 81 utuk bilen öňde barýardy. Hut şonça utuk «Galatasaraýda» hem bardy, emma ol goşmaça görkezijiler boýunça ikinji ýerdedi. Üçünji orunda 79 utuk bilen «Fenerbahçe» ýerleşýärdi.
Netijede «Beşiktaş» «Ýeni Malatýaspory» ýeňen «Galatasaraýdan» gol tapawudy boýunça üstün çykdy — +45-e +44.
Bu üstünlik klubuň ýokary türk diwizionynda 21-nji we 2016/17 möwsümden bäri ilkinji ýeňşidir.

düýn 21:24
4.8k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
1.9k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.7k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...