Möwsümiň ahyrynda “Barselonadan” ýedi oýunçy gider

  • 17.05.2021 19:49
  • 23k+

«Barselona» tomusky transfer penjiresinde azyndan ýedi oýunçy bilen «hoşlaşmagy» meýilleşdirýär diýip, metaratings.ru habar berýär.

Umuman, tomusda klubda 14 töweregi oýunçy çalşyrylyp bilner. Ýöne häzir indiki transfer penjiresinde klubdan gitjek ýedi oýunçynyň ady eýýäm belli. Bu sanawda Neto, Samuel Umtiti, Junior Firpo, Miralem Pýaniç, Mateus Fernandes, Martin Breýtueýt, Filipe Koutinýo bar.
Tomus möwsüminde katalon kluby geljekki satyn alyşlar üçin aýlyk sanawnamasyny boşatmak isleýär. Öň “Barselonanyň” tomusky transfer penjiresinde esasy maksadynyň Erling Holandy satyn almakdygy we munuň üçin klubuň hatda Lionel Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrüp biljekdigi habar berildi.
Ispaniýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda “Barselona” (76 utuk) üçünji orunda ýerleşýär. Ondan ýokarda “Atletiko” (80 utuk) we “Real” (78 utuk) bar.

düýn 21:24
3.8k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
2.9k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
1.9k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.6k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...