Saýlama tapgyrda Türkmenistanyň topardaşy KHDR DÇ-2022-ä gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Saýlama tapgyrda Türkmenistanyň topardaşy KHDR DÇ-2022-ä gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Demirgazyk Koreýanyň milli ýygyndy topary Katarda geçiriljek 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürdi diýlip, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) resmi saýtynda habar berilýär. Muny championat.com ýetirýär.

Ýatlap geçsek, KHDR-niň milli ýygyndysy häzire çenli dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň H toparynda bäş oýun oýnady. H toparynda, Demirgazyk Koreýanyň ýygyndy toparyndan başga-da, Türkmenistanyň, Günorta Koreýanyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary çykyş edýär.
Demirgazyk Koreýanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmakdan ýüz öwürmegine indi FIFA-nyň (Halkara futbol federasiýasy) guramaçylyk komiteti tarapyndan serediler diýlip, habarda aýdylýar. AFK H topary boýunça turnir sanawyndaky üýtgeşmeler baradaky maglumatlaryň soňrak mälim ediljekdigini belledi.
Mundan öň, KHDR-niň milli ýygyndy topary koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly howp sebäpli, Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwrüpdi.
2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyş oýny 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryna meýilleşdirilen we ol El-Haur şäherindäki “Al Beýt” stadionynda geçirilmeli. Toparlaýyn tapgyr 2-nji dekabra çenli dowam eder, ertesi gün bolsa soňky oýunlary 6-njy dekabrda geçiriljek 1/8 final tapgyry başlanar. 9 we 10-njy dekabrda dörtden bir final oýunlary geçiriler, 13 we 14-nji dekabrda bolsa – ýarym final oýunlary. Dünýä çempionatynyň finaly 18-nji dekabrda Lusail şäherinde geçiriler.