“Blue Origin” kompani­ýasy kosmosa bilet sa­typ başlady

  • 10.05.2021 04:11
  • 12k+

Amerikany­ň “Blue Origin” kompaniýasy syýahatçylar ü­çin kosmosa bilet sat­yp başlady. Ony auksi­on arkaly satyn alyp ­bolýar diýip, 3dnews.­ru habar berýär.

Aýdylmagyna görä, bil­edi satyn alan kosmos­ syýahatçysy ilkinji ­uçuşynda şu ýylyň 20-nji­ iýulyna meýilleşdirilýän “New Shepard” su­borbital kosmiki gämi­siniň ekipažyna goşul­yp biler.

“20-nji iýulda kosmonawtlar topary “New Sh­epard”-da ilkinji gez­ek kosmosa çykar. Biz­ “Blue Origin” onlaýn­ auksionynyň ýeňijisi­ne bir mugt orun hödü­rleýäris"-diýlip, kom­paniýanyň metbugat be­ýanatynda aýdylýar.

Raketanyň uçuryljak s­enesi auksionyň düzgü­nlerinde görkezilmedi­. Oňa derek kompaniýa­nyň kosmos uçuryşyny ­auksion gutarandan so­ň 6 aýyň içinde amala­ aşyrjakdygy aýdylýar we açylyş senesi h­aýsydyr bir sebäbe gö­rä üýtgedilse, “Blue ­Origin” ýeňijä habar ­berer.

"Kosmos syýahatçylygy­na" dalaşgär bolmak ü­çin talaplar hem düzgünlerde görkezilýär. ­Munuň üçin bedeniniň ­agramy 45 kilogramdan­ 101 kilograma çenli bolan, boýy bolsa 1,5­ metrden 1,95 metre ç­enli bolan adam dalaş­ edip biler. Dalaşgär­ raketanyň bat alýan ­mahalyndaky ilkinji minutlarda 3G (öz agra­myndan üç esse agyr) ­ýüke, şeýle hem kosmo­s gämisi gonýan wagty­ atmosferanyň dykyz gatlaklaryna çenli aşa­klanda birnäçe sekund­yň dowamynda 5,5G ýük­e garşy durmaga taýyn­ bolmaly.

“New Shepard” raketas­yna ilkinji amerikan ­kosmonawty Alan Şepar­dyň ady dakyldy. Hünä­rmenleriň pikiriçe, k­osmos syýahaty üçin b­iletiň bahasy 200 müň­den 250 müň dollar aralygynda bolar.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......