Saud Arabystany serhetlerini açýar

  • 04.05.2021 23:59
  • 18k+

Saud Arabystany 17-nji maýdan serhetlerini açýar we öz raýatlary üçin beýleki ýurtlara syýahat çäklendirmelerini aýyrýar diýip, russian.rt.com habar berýär.

“2021-nji ýylyň 17-nji maýynda ýerli wagt boýunça 01:00-dan raýatlar üçin syýahat çäklendirmeleri aýrylýar, şeýle-de beýleki ýurtlar bilen suw, gury ýer we howa aragatnaşygy açylýar” – diýlip, Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrliginiň Twitter habarynda aýdylýar.

Hereket çäklendirmeleriniň aýrylmagy birnäçe kategoriýa degişli bolar: bir aýdan gowrak wagt öň koronawirus keseli bilen kesellänlere, sanjym alanlara we lukmançylyk ätiýaçlandyryş resminamasy bolan patyşalygyň 18 ýaşdan kiçi raýatlaryna.
Saud Arabystanyna gelensoň, daşary ýurtlular hökmany 14 günlük karantini geçmeli bolar.
Saud Arabystanynda pandemiýa başlany bäri tassyklanan kesel ýagdaýynyň sany 401,5 müňe ýetdi. Koronawirus bu ýurtda 6,9 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.  

 

şu gün 07:10
768

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......

26.04.2026 21:03
4.9k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
3.8k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......