Türkmenistan we Şweýsariýa BMG ÝYK-nyň Başlygynyň orunbasarlary wezipesine saýlanyldy

Türkmenistan we Şweýsariýa BMG ÝYK-nyň Başlygynyň orunbasarlary wezipesine saýlanyldy

Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.   

Mejlisiň çäklerinde BMG ÝYK-na agza-ýurtlaryň arasyndan Komissiýanyň Başlygynyň we başlygyň orunbasarlarynyň wezipesine saýlawlar geçirildi. 
Biragyzdan kabul edilen çözgüt bilen, 2021-2023-nji ýyllar döwür üçin BMG ÝYK-nyň Komissiýanyň Başlygy wezipesine Awstriýa Respublikasy; başlygyň orunbasarlary wezipesine – Türkmenistan we Şweýsariýa Konfederasiýasy saýlanyldy.
«Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň durnukly ulanylyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy» tema boýunça geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow çykyş etdi.
Öz çykyşynda M.Serdarow goşulan bahanyň ähmiýetiniň artdyrylmagyna esaslanan aýlawly ykdysadyýete geçmegiň diňe tebigy serişdeleriň gorlaryna gözegçiligiň güýçlendirilen we tebigy kapitalyň azalmajak derejesinde saklanylmagy üçin gaýtadan dikeldilýän gorlaryň durnukly balansynyň berjaý edilen ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belläp geçdi.