Türkmenistanyň KHBS-niň gurluşynda «Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy» bölümleri dörediler

  • 18.04.2021 06:04
  • 10k+

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurluşynda «Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy» bölümlerini döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna şu bölümleri döretmek hem-de döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň birnäçe bölümleriniň düzümini üýtgetmek meseleleri boýunça teklipleri hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda we sanly tehnologiýalary ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 10:31
3.8k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
975

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......