Joan Rouling çagalar üçin täze kitabyny çykarar

  • 17.04.2021 07:08
  • 4.6k+

Iňlis ýazyjysy Joan Rouling 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Roždestwo jojugy» atly çagalar üçin niýetlenen täze kitabyny çykarar. Bu barada ol öz saýtynda habar berdi diýip, moika78.ru belleýär.

«Roždestwo jojugy» bir çagajygyň öz oýunjagyna bolan söýgüsi baradaky eserdir. Onda oglanjygyň oýunjagy tapmak üçin uzak aralyklara gidýändigi beýan edilýär.

«Bu Roulingiň mundan öňki işleri bilen baglanyşykly bolmadyk aýratyn eser. Ol sekiz ýaşdan uly çagalar üçin niýetlenýär» – diýlip, habarda aýdylýar.

Sýužete görä, eseriň gahrymany Jek hemişe ýanyndan aýyrman ýören oýunjagyny – jojugyny diýseň eý görýär. Ýöne Roždestwonyň öň ýanynda oýunjak ýitirim bolýar. Jek iň gowy dostuny halas etmek üçin jadyly syýahata başlar.
Neşir iňlis dilinde çykar we 20-den gowrak dile terjime ediler. 
Joan Rouling 500 milliondan gowrak nusgada satylan hem-de 80 dile terjime edilen Harri Potter baradaky kitaplar tapgyry bilen dünýä meşhurlygyny gazandy.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
967

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......