Şol bir kino 191 gezek tomaşa eden muşdak Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 29.03.2021 20:32
  • 19k+

Marvel kinoäleminiň floridaly muşdagy şol bir filme tomaşa etmegiň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, kinonews.ru habar berýär. Ginnesiň rekordlar kitabyndaky ýazgynyň delillendirmegine görä, Ramiro Alanis «Ar alyjylar 4: Final» filmine 191 gezek tomaşa edipdir. 

Rekordyň eýesiniň aýtmagyna görä, onuň üçin Kapitan Amerikanyň keşbi has ýakyn. «Bu gahryman meniň üçin köp gymmatlyklary özünde jemleýär: dogruçyllyk, hoşniýetlilik, özgeler barada alada etmek» – diýip, ol belledi.
Şeýle netijäni gazanmak pikiri Ramiro ýutubçy NemRapsyň başga bir Marvel filmini – «Ar alyjylar 3: Soňsuzlyk urşy» görmekde rekord goýandygyny görende geldi.
Ýatlap geçsek, «Ar alyjylar 4» filmi 2019-njy ýylda prokata çykdy we birnäçe absolýut rekordlaryny goýdy. Bir dynç gününiň dowamynda kartina 1,2 milliard dollardan gowrak gazanmagy başardy. Şeýle-de, bu öý prokatynda birinji dynç günleri 300 million dollar ýygnan ilkinji film boldy. Mundan başga-da, «Ar alyjylar 4» IMAX torunda hem gowy başlangyjy – 91 million dollar we prokata çykmazyndan öňki gün gowy girdeji ýygymyny – 60 million dollar – görkezdi. Film birnäçe abraýly baýraklara eýe bolup, soňky iki ýylda taryhda iň girdejili film boldy.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......