Kwars tozanlary sebäpli Türkiýäniň käbir kenarlary saglyk üçin howply

  • 28.03.2021 15:29
  • 11k+

Türkiýä dynç almaga gelýän syýahatçylara ýerli dynç alyş ýerleriniň käbir kenarlarynyň saglyk üçin howpludygy duýdurylyp başlandy. Bellemeklerine görä, ol ýerlerde kwars tozany bar diýip, discover24.ru belleýär.

Ýerli KHBS köp myhmanhanalaryň kenarýaka ýerlerine has gözel görnüş bermek üçin, ol ýerlere kwars tozanyny sepip başlandygyny habar berýärler. Netijede, çäge “ak” bolýar, bu hem Maldiw kenarýakalarynyň keşbini döretmäge we täze syýahatçylary özüne çekmäge kömek edýär. Ýöne şeýle hereketler daşky gurşawa we organizmiň saglygyna zyýan ýetirip bilýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä, kwars tozanyndan köp wagtlap dem alsaň, demgysma keselinden ejir çekýän adamlar howply güýçlenmeleri başdan geçirip bilerler. Sagdyn syýahatçylarda bolsa dürli öýken keselleri döräp biler.
Mugla welaýatynyň daşky gurşaw edarasy eýýäm birnäçe barlaglary geçirdi we şonuň esasynda myhmanhanalara jerime salyndy. Häzirki wagtda Bodrum kenarýakalarynyň 40%-i kwars çägesi bilen örtülendir diýip, HBS habar berýär.

28.04.2026 07:10
4.8k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......

26.04.2026 21:03
5.4k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
4k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......