Ukraina koronawirus boýunça iki rekordy täzeledi

  • 26.03.2021 20:32
  • 24k+

Ukraina koronawirus bilen kesellänleriň hem-de COVID-19-dan ölüm ýagdaýynyň sany boýunça rekordy täzeledi diýip, lenta.ru habar berýär.

Soňky bir günüň içinde ýurtda 16669 kesel ýagdaýy tassyklandy. 4838 adam hassahana ýerleşdirildi, 362 syrkaw ýogaldy, 6748 adam gutuldy.
Ondan öň täze görnüşli COVID-19 bilen keselleme boýunça rekord görkezijisi 27-nji noýabrda bellige alnypdy, şonda 16 294 keselli hasaba alyndy. Iň ýokary ölüm sany 23-nji martda hasaba alyndy – 342 adam ýogaldy.
Umuman alanyňda, Ukrainada pandemiýa başlany bäri tas 1,6 mln adam koronawirus bilen keselledi, 31 müňden gowrak adam ýogaldy, 1,2 milliondan gowrak adam bejerildi.
24-nji martda ýurtda immunizasiýa kampaniýasy başlany bäri, Hindistanda öndürilen koronawirusa garşy Covishield derman serişdesi bilen sanjymdan soň ikinji ölüm hasaba alyndy.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......