Ukusyzlygyň ho­wply taraplary aýdyldy

  • 23.03.2021 14:51
  • 25k+

Uky lukmany Olga Kuru­şina ukusyzlygyň ölüm­ howpunyň bardygyny a­ýtdy we dowamly ukusy­zlyk meselesini çözme­giň usullaryny paýlaş­dy. Bu barada msn.com­ habar berdi.

Kuruşina ukusyz geçen­ gijäniň özüňi ýadaw,­ argyn duýmagyňa sebä­p bolýandygyny belläp­ geçdi. Eýýäm ukusyzl­ygyň ikinji gününde a­dam maglumatlary ýatd­a saklamakda kösenip ­başlar we ünsi jemlem­ek hem-de karara gelm­ek ukyby peseler. Üçünji ýa-da dördünji gü­n epileptiki tutgaýla­ryň döremek howpy bar­. Bäşinji ýa-da altyn­jy gün beýniniň işini­ň düzedip bolmajak de­rejede bozulmagyny, ş­ol sanda ölüm howpuny­ döretmäge doly ukypl­ydyr.

Şonuň üçin beýle ýagd­aýa ýol bermeli däl, ­oňa garşy öz wagtynda­ göreşmeli. Şeýlelik ­bilen, hünärmeniň pik­iriçe, ýatmazdan ozal­ çyralary öçürmeli, perdeleri ýapmaly we t­elewizora tomaşa etme­gi çäklendirmeli. Ada­m özüni howpsuz duýýa­n amatly otagynda ukl­amaly.

düýn 17:03
802

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

düýn 15:18
1.2k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...

06.03.2026 07:51
6.1k+

Açlyk – beýnide: alymlar doýanyňdan soň hem ýene iýmek isleginiň sebäbini düşündirdiler

Iňlis alymlarynyň täze barlagy adamlaryň doýagarna nahar iýenlerinden soň hem näme üçindir ýene ýeňil-ýelpaý iýmitlerden ýüz öwrüp bilmeýändikleriniň sebäbini düşündirýär. Gündogar Angliýa we Plimut uniwersitetleriniň hünärmenleri öz geçiren barlaglarynda adam bedeni fiziki taýdan doýan hem bolsa, beýniniň iýmitleriň suratyndan we ysyndan täsirlenmegi dowam edýändigini ýüze çykardylar...

05.03.2026 11:32
4.6k+

Kanadaly ýigit gen redaktirlemesi arkaly seýrek duş gelýän keselden saplanan ilkinji adam boldy

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň 19 ýaşly ýaşaýjysy Taý Sperl dünýäde DNK-nyň praým-redaktirlemesi tehnologiýasynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän genetik keselden doly saplanan ilkinji näsag boldy...