Türkmenistan RF-niň üsti bilen 500 müň tonna nebit eksport eder

  • 21.03.2021 17:34
  • 8.3k+

2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 500 müň tonna nebit eksport eder. Bu barada Interfax agentligi Finmarkete salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen daşarky bazarlara «gara altyn» iberýän ýurtlaryň arasynda ikinji orunda durýar. Bu görkeziji babatda birinji ýerde Gazagystan durýar.
Azerbaýjan Russiýanyň üsti bilen 300 müň tonna nebit eksport eder.
Finmarket-iň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ikinji çärýeginde Russiýanyň özünden nebit eksportynyň tertibi 55,3 million tonna möçberde göz öňünde tutulýar.

15.11.2025 09:34
6.9k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.2k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

25.10.2025 14:25
5.2k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...

23.10.2025 12:23
1.8k+

OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady...