BSGG: COVID-a garşy sanjymdan ýekeje adam hem pida bolmady

  • 15.03.2021 20:28
  • 13k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri COVID-a garşy sanjym üçin tassyklanan dermanlaryň hemmesiniň howpsuzdygyny we dünýäde sanjymyň girizilmegi sebäpli ýekeje-de ölümi hasaba almandyklaryny öňe sürýärler. Bu barada BSGG-niň beýanatynda aýdylýar diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.

Gurama howsala düşmegiň esassyzdygyny göz öňünde tutup, birnäçe Ýewropa ýurtlarynda AstraZeneca dermanynyň sanjymynyň togtadylmagyna nägilelik bildirdi.
Häzirki wagtda ÝB ýurtlarynyň ençemesi sanjymyň tromblara (gan damarlarynda emele gelýän goýy, uýan gan - Red.) täsirini barlaýar, sebäbi köp adamyň sanjymdan soň şeýle meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar. Gurama waksina ulanylyşy baradaky hasabaty gözden geçirip we öwrenip başlady, şeýle hem gelen kararyny ýakyn wagtda yglan etjekdigini, ýöne sanjymlaryň hökmany suratda dowam etmelidigini aýtdy.

 

düýn 08:29
1.8k+

Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar....

30.04.2026 08:18
2.6k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....