Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeriň wezipe borçlaryny tassyklady

  • 14.03.2021 15:28
  • 28k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipe borçlaryny, garamagyndaky bölüm hakyndaky Düzgünnamany we işgärleriniň wezipe borçlaryny tassyklamak barada» Karara gol çekdi.

Bu resminama «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 17:42
1.8k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

düýn 17:28
1.7k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...

düýn 12:00
2.3k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...

düýn 11:54
1.9k+

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi...