Türkmenistan «JCB» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

  • 13.03.2021 21:22
  • 14k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Beýik Britaniýanyň «JCB Sales Limited» kompaniýasy Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Gol çekmek çäresi 12-nji martda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirildi.
Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak, öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Bu Ähtnamanyň iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirildi.

düýn 23:22
400

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......