Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Portu» we Dortmundyň «Borussiýasy» çärýek finala çykdy

  • 10.03.2021 08:58
  • 10k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda «Ýuwentus» «Portuny» kabul etdi. Duşuşyk Turiniň (Italiýa) «Allianz — Ýuwentus» stadionynda geçirilip, goşmaça wagtdan soň 3:2 hasabynda tamamlandy.

«Portunyň» düzüminde ýarymgoragçy Serjiu Oliweýra oýnuň birinji ýarymynda on bir metrlik jerime urgusyny netijeli geçirdi, 115-nji minutda bolsa jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. Turin klubunyň düzüminde Federiko Kýeza dubl etdi. «Juwentus» üçünji pökgüsini Adrien Rabýonyň tagallalary bilen geçirdi. 54-nji minutdan başlap portugal kluby hüjümçisi Mehdi Taremi iki minutda iki sany sary duýduryş alandan soň, on oýunçy bolup duşuşygy dowam etdirdi.
Iki duşuşygyň jemi boýunça hasap 4:4 boldy. Portugal kluby myhmançylykdaky iki pökgüsiniň hasabyna Çempionlar ligasyndaky oýunlaryny dowam etdirer.
Beýleki bir duşuşykda Dortmundyň «Borussiýasy» ispan «Sewilýasyny» kabul etdi. Duşuşyk Dortmundyň «Signal Iduna Park» stadionynda geçirildi we 2:2 hasabynda tamamlandy.
Duşuşykda garşydaş hüjümçiler Erling Holand we Ýussef En-Nesiri dubl etdiler.
Bu klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk nemes klubunyň 3:2 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şeýlelikde, Dortmundyň «Borussiýasy» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykmagy başardy.
Çärýek final tapgyrynda bu klublaryň garşydaşlary bije çekişligiň netijeleri boýunça kesgitlener.

düýn 23:43
4.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......