Halkara zenanlar gününiň nähili taryhy bar?

Halkara zenanlar gününiň nähili taryhy bar?

Halkara zenanlar gününi bellemegi kim, haçan we nähili oýlap tapdy? Baýramçylyk mynasybetli biz taryha ser salmagy makul bildik.

Şu ýyl, 8-nji martda dünýä Halkara zenanlar gününi 110-njy gezek belleýär. 8-nji mart baýramy işçiler hereketiniň netijesinde ýüze çykyp, köküni Amerikadan alyp gaýdýar. 1908-nji ýylda Nýu-Ýorkda 15 müň zenan iş gününi gysgaltmagy, aýlyk hakyny ýokarlandyrmagy we ses hukugyny talap edip, nägilelik bilen çykyş edýär. Indiki ýyl Amerikan Sosialistik partiýasy fewral aýynyň soňky ýekşenbesini Zähmetkeş zenanlaryň güni etmegi teklip edýär.
1910-njy ýylyň awgust aýynda Kopengagende geçirilen konferensiýada Germaniýanyň Sosial demokratiýasynyň tanymal işgäri Klara Setkin aýallaryň deň hukuklylygy we azatlygy ugrunda göreşiň halkara gününi döretmegi teklip etdi. 17 ýurtdan ýüz töweregi gatnaşyjy bu pikiri biragyzdan goldady. 1911-nji ýylda ol ilkinji gezek Germaniýada, Awstriýa-Wengriýada, Daniýada we Şweýsariýada bellenildi. 
Germaniýada Zenanlar gününiň ilkinji baýramçylygy 1848-nji ýylda Prussiýadaky Mart rewolýusiýasynyň şanyna 19-njy martda geçirilýär. Soň zenanlar güni dürli ýurtlarda 2, 9 we 12-nji martda, şeýle-de 2-nji we 12-nji maýda bellenilýär.
1975-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 8-nji marty zenanlaryň durmuşyň ähli ugurlarynda gazananlaryny bellemegiň we deňsizligiň galyndylaryna garşy çykyş etmegiň güni diýip yglan edýär.
Ýeri gelende, 8-nji martyň öz reňkleriniň bardygyny hem belläp geçmeli. Bu benewşe (ýa-da goýy gyrmyzy), ýaşyl we ak reňklerdir. Goýy gyrmyzy adalaty we mertebäni, ýaşyl – umydy, ak – arassalygy aňladýar.