Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 07.03.2021 16:29
  • 11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda däp bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlary döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkiýäniň ministri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8 göterim ýokarlandy. Pul möçberinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2 milliard dollaryna golaý boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.

şu gün 12:18
462

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
1k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
638

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
1.1k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...