“Ýewrowideniýe 2021” gysgaldylan formatda geçiriler

  • 03.03.2021 23:58
  • 3.6k+

“Ýewrowideniýe 2021”-iň oflaýn-formatda geçirilmegi meýilleşdirilýär, ýöne wekiliýetleriň düzümi we žurnalistleriň sany azaldylar, oňa köpçüligiň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada entek karara gelinmedi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

"Fewral aýynda" Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşiginiň "adaty "görnüşiniň häzirki şertlerde bolup bilmejekdigi mälim edildi... Dünýädäniň 65-nji uly janly aýdym-saz bäsleşigi "B" ssenariýa esasynda - berk saglygy goraýyş we howpsuzlyk çäreleri, sosial aralygy saklamak bilen, gysgaldylan, ýöne çylşyrymly görnüşde geçirilip biler. Bu karar ýakynda "Ýewrowideniýäniň" referens-topary, çäräniň dolandyryş edarasy we Ýewropa ýaýlym bileleşiginiň ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklandy"-diýlip, bäsleşigiň resmi web sahypasynda çap edilen beýanda aýdylýar.

Saýlanan ssenariýanyň çäginde wekiliýetleriň hersine gatnaşyjylaryň sanynyň öňküsinden azaljakdygy kesgitlenildi. Çärä gatnaşýan žurnalistleriň sany 500 adam bilen çäklener we ýene müň žurnalist bäsleşigi ýörite metbugat-merkezinde beýan edip biler.
Bäsleşige köpçüligiň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky karar birneme soňrak kabul ediler, sebäbi çäräni guraýjylar ýagdaýlaryň üýtgäp biljekdigini hem inkär etmeýärler.

şu gün 12:18
88

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
224

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
178

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
331

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...