Si Szinpin: Hytaý garyplygy ýeňip geçmegi başardy

  • 28.02.2021 07:34
  • 13k+

Hytaý garyplyga garşy göreşde ýeňiş gazandy diýip, HHR-iň prezidenti Si Szinpin ýurduň garyplygy ýok etmekde gazanan üstünliklerine bagyşlanan ýygnakda aýtdy. Muny TASS belleýär.

“Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň we hytaý halkynyň tagallalary netijesinde, biziň ýurdumyz garyplygy ýeňmegi başardy” – diýip, Sinhua agentligi onuň sözlerini getirýär.

Si Szinpiniň belleýşi ýaly, 98,99 mln oba ilaty garyplyk çäginden geçdi, 128 müň oba we 832 etrap garyp ýerleriň hataryndan çykaryldy. Soňky sekiz ýylda Hytaý garyplyga garşy göreşe, takmynan, 1,6 trln ýuan (246 mlrd dollar töweregi) maýa goýdy.
Umuman alanyňda, 1970-nji ýyllaryň ahyryndan bäri 770 mln adam garyplykdan çykyp bildi. Ýurt boýunça garyplyga garşy göreşmek üçin haryt satýan 4500-den gowrak kompaniýanyň umumy girdejisi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda 32,9% ýokarlandy.
Si Szinpin Hytaýyň BMG-niň garyplygy ýok etmek boýunça maksadyna kesgitlenen 2030-njy ýyldan 10 ýyl ir ýetendigini we bu hadysa garşy global göreşe goşýan goşandynyň 70%-digini belledi.
Hytaýyň döwlet standartlaryna laýyklykda, ýyllyk girdejisi 2,3 müň ýuandan (340 dollar töweregi) geçmeýänler garyplyk çäginden aşakda hasaplanýar.

düýn 22:54
623

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......