Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

Şu gün — 18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blokhin, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand dagylar çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem çykyşlary diňlendi.
Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlara we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.