Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.
Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gaz geçirijisi Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan –Owganystan-Paksitan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.