Meizu kompaniýasynyň ýolbaşçysy täzelendi

  • 10.02.2021 23:01
  • 5.4k+

Hytaýyň Meizu smartfon öndürijisiniň baş direktory üýtgedildi. Ýakynda kompaniýa ähli işgärlerine kompaniýanyň täze baş direktory Huan Çžipan tarapyndan gol çekilen haty iberdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Huan Çžipan – kompaniýanyň ozalky baş direktory Huan Çžanyň kiçi dogany. Kompaniýa lideriň çalşylmagy bilen bagly resmi bildiriş etmedi. “Gizmochina” neşiriniň belleýşi ýaly, Meizu şeýle etmek bilen häkimiýeti ele alyp, kompaniýanyň ösüşine özboluşly goşant goşmaga ukyply täze ýaş güýji gözleýär.
Çünki, soňky ýyllarda Meizu kyn döwürleri başdan geçirdi. 2019-njy ýylda Meizu-nyň işgärleriniň 30%-ini işden çykarandygy belli boldy. 2016-njy ýylda kompaniýanyň 2700-den gowrak ownuk söwda nokatlary bardy, 2019-njy ýyla çenli olaryň sany Hytaýyň her welaýatynda 5-6-a çenli azaldy. Käbir kynçylyklara garamazdan, kompaniýa hereket etmegini we geljek üçin meýilnamalary düzmegini dowam etdirýär.
Öň Meizu metbugat üçin bildiriş edip, onda kompaniýanyň smartfon biznesine degişli meýilnamalary barada gürrüň berdi. Öndüriji Meizu-nyň gymmat telefonlaryň bazarynda galmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ýakyn wagtda Meizu 18 smartfonlar tapgyry hödürlenmeli we şeýle kadr üýtgeşmeleri hem brendiň geljekki ösüşine oňyn täsir etmeli.

düýn 17:54
1k+

Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy

Oracle amerikan korporasiýasy OpenAI kompaniýasy bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Şertnama bäş ýyla niýetlenýär we ABŞ-nyň çäklerinde 4,5 GWt kuwwatly maglumat merkezleriniň kärendesini göz öňünde tutýar...

10.09.2025 23:31
9.3k+

Larri Ellison bir günde 101 mlrd dollar baýap, Maskdan dünýäniň iň baý adamy adyny aldy

Oracle korporasiýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison Bloomberg-de baýlaryň sanawynda ilkinji gezek birinji ýeri eýeledi. Ol Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskdan öňe geçdi. Agentligiň maglumatyna görä, Ellisonyň baýlygy 393 mlrd dollara ýetdi, Maskyň baýlygy bolsa 385 mlrd dollar boldy...

09.09.2025 23:17
6.6k+

Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi

ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär...

09.09.2025 12:22
5.2k+

Samsung eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdeligini Huawei bilen Motorola berdi

Huawei 2025-nji ýylyň II çärýeginde eplenýän smartfonlaryň dünýä bazarynyň 45%-ini eýeledi, bu hem öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Geçen ýyl hytaý kompaniýasynyň paýy 32% boldy...