Koronawirusyň täze ýaýraýyş faktorlary ýüze çykaryldy

  • 09.02.2021 16:00
  • 27k+

Nikosiýa uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň alymlary koronawirus keseliniň esasy ýaýraýyş faktorlaryny ýüze çykarmagy başardylar. Bu barada Cyprus Mail neşirine salgylanyp, csn-tv.ru habar berdi.

Hünärmenler ýokanç bilen keselleme indeksini ulanyp howa täsirini göz öňünde tutup bilýän kompýuter modelini döretdiler. Bu usul koronawirus ýokançlygynyň Parižde, Nýu-Ýorkda we Rio-de-Žaneýroda 2020-nji ýylyň tomsunda ýaýramagy bilen gönüden-göni baglanyşykly epidemiýa maglumatlary babatda ulanyldy.
Geçirilen gözlegleriň netijesinde, wirusyň ýaýramagynda ýeliň, temperaturanyň we howanyň çyglylygynyň möhüm orun eýeländigi anyklanyldy. Şol bir wagtyň özünde, alymlar beýleki bar bolan çaklamalaryň köplenç diňe iki faktory - hassalaryň sagalyş tizligini we wirusyň ýokuşma tizligini göz öňünde tutýandygyny bellediler.
Barlagçylar, alnan maglumatlary göz öňünde tutup, sosial aradaşlyk bilen bagly talaplara täzeden garamagyň zerurdygyny, sebäbi häzirki bar bolan ülňüleriň diňe doly asudalyk şertlerinde ýokançlykdan gorap bilýändigini bellediler.

düýn 23:49
219

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....